
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasyny geçirýär.
Internet olimpiadasy 19—njy maýda Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da başlanar. Olimpiadanyň şertlerine laýyklykda, talyplar 50 sany test soraglaryna 60 minudyň dowamynda we 10 sany ýumşy 120 minudyň dowamynda ýerine ýetirmeli bolarlar. Gatnaşyjylara baha bermek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden eminler topary düzülýär.
Internet-olimpiadasynyň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Olimpiada barada doly maglumat almak isleseňiz şu ýere basyň.
Habarlaşmak üçin elektron poçta salgysy: tituki.olimpiada.2022@gmail.com.