Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Bütindünýä kitap paýtagty mälim edildi

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Bütindünýä kitap paýtagty mälim edildi

Gana döwletiniň paýtagty Akkra şäheri ÝUNESKO tarapyndan 2023-nji ýyl üçin Bütindünýä kitap paýtagty diýip ykrar edildi.

Akkra şäheri sowatsyzlyga garşy göreşmek maksady bilen, geljekki nesilleri ösdürmegiň täsirli usuly hökmünde kitaplaryň güýjüni ulanmagy maksat edinýär. Geçiriljek çäreler okamak medeniýetini, hünär endiklerini ösdürmek, neşirýat pudagyny we beýleki döredijilik pudaklaryny goldamak bilen bagly mowzuklary öz içine alar. Mundan başga-da, gana dilinde kitap okamagy we ýazmagy höweslendirmek üçin seminarlary geçirmek, işsiz ýaşlar üçin hünär we okuw merkezlerini döretmek, Gananyň sungatyny, medeniýetini görkezmek maksady bilen, medeni çärelerdir ýaryşlary guramak meýilleşdirilýär. Çäreler 23-nji aprelde Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününde başlanar.

Mundan ozal, Gwadalahara (2022), Tbilisi (2021), Kuala-Lumpur (2020) Bütindünýä kitap paýtagty derejesine eýe bolupdy. ÝUNESKO Bütindünýä kitap paýtagtyny 2001-nji ýyldan bäri saýlap gelýär. Onuň kerwenbaşysy Madrid şäheri bolupdy.

Iň täze habarlar

Talyplaryň arasynda geçirilen hakaton bäsleşigiň jemi jemlendi

Ýakynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Önümçiligi awtomatlaşdyrmakda emeli aňy ulanmak» atly programma düzüjileriň bäsleşiginiň (hakaton) ýeňijileri mälim edildi.
SalamNews

Türkmenistanda «Ýylyň talyby — 2023» bäsleşigiň ýeňijisi mälim edildi

Golaýda «Ýylyň talyby — 2023» Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guraýan bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat Saparowa yglan edildi.
SalamNews

Synaglary üstünlikli tabşyrmagyň syrlary

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 2022-2023-nji okuw ýyly tamamlandy.
SalamNews