Şu gün
Aşgabat
25 °C
Ertir
Aşgabat
25 °C
Birigün
Aşgabat
25 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
25 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga talyp haklary hödürlenýär

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga talyp haklary hödürlenýär

Şu gün — 2-nji awgustda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy talyp hakly magistr derejesini almak isleýän dalaşgärleri 2023-2024-nji okuw ýyly üçin «Chevening Scholarships» maksatnamasy boýunça onlaýn görnüşde anketalary kabul edip başlady.

Bu maksatnama 1983-nji ýylda döredilip, geçen döwürde 50 müňden gowrak hünärmeniň ýetişmegine, ýokary derejede kämilleşmegine ýardam berdi. Ilçihananyň degişli hünärmeniniň bellemegine görä, maksatnamada bu okuw ýyly üçin 160-dan gowrak ýurda 1 500 sany talyp hakly ýer hödürlenýär.

«Chevening Scholarships» maksatnamasy Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilip, bir ýyllyk okuw, syýahat we ýaşamak üçin aýlyk tölegi, şeýle-de Beýik Britaniýa gitmek-gelmek bilen bagly beýleki çykdajylary öz içine alýar. Emma iňlis dili kurslary we mugallymlary taýýarlamak maksatnamanyň çägine girmeýär. Dalaşgärlige ýaş çäklendirmesi ýok. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda 1998-nji ýyldan bäri hereket edýän maksatnamanyň çäginde häzirki güne çenli türkmenistanly 80-e golaý raýat ýokary bilim aldy.

Bildirilýän talaplar:

  • Azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly;

  • Iňlis dilini gowy bilmeli;

  • Bakalawrlyk diplomynyň bolmagy;

  • 4 sany düzme tabşyrmaly: 1. Ýolbaşçylyk ukyby (Leadership); 2. Beýik Britaniýada okamak (Studying in U.K), 3. Özüňizi gyzyklandyrýan, geljekki meýilnamalaryňyzy beýan edýän «Networking», 4. Hünär kämilligi (career development) barada;

Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga talyp haklary hödürlenýär

Onlaýn anketany  www.chevening.org/apply sahypasynda öz ulanyjy adyňyz we parolyňyz bilen girip doldurmaly.

Onlaýn anketany nädip doldurmalydygy barada maglumat almak üçin ýokardaky web sahypa ýa-da ilçihananyň web sahypasyna girip tanşyp bilersiňiz. Anketany dolduran wagtyňyz Angliýadaky 3 sany ýokary okuw mekdebini saýlamaly. Düzmäňizi şonuň bilen baglanyşdyrsaňyz, has-da täsirli bolar. Şeýle-de anketany tabşyrmak bilen, siz öz saýlan ýokary okuw mekdebiňize internet arkaly ýüz tutmagyňyz hökmandyr. Çünki utan talyp hakly magistr okuwyňyz, diňe saýlan ýokary okuw mekdebiňize kabul edilen ýagdaýyňyzda güýje girýär.

Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 01.11.2022 ý.

Goşmaça maglumatlary şu ýerden alyp bilersiňiz.

Iň täze habarlar

Soçi şäherinde okuw saparynda bolarlar

10 — 14-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Maliýe monitoringi baradaky Federal gullugy tarapyndan geçiriljek Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada türkmen talyplarynyň 10-sy gatnaşar.
SalamNews

30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbi dikeldildi

Braziliýaly alymlar 30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbini gaýtadan döretmegi başardylar.
SalamNews

Ildeşlerimiz Moskwada geçiriljek halkara hukuk bäsleşigine gatnaşarlar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Wekil Wekilow hem-de uniwersitetiň halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Zöhre Geldyýewa, Döwlet Gurbanow, Nowruz Nurberdiýew Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçiriljek F.F.Martens adyndaky Halkara ynsanperwer hukugy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.
SalamNews