Sazlamalar

Diller

TM

Koreýanyň ýurdumyzdaky Maglumat elýeterlilik merkezi mümkinçiligi çäkli we pensiýadaky raýatlary tölegsiz okuwlara çagyrýar

SalamNews
Ylym-bilim / Bilim
Koreýanyň ýurdumyzdaky Maglumat elýeterlilik merkezi mümkinçiligi çäkli we pensiýadaky raýatlary tölegsiz okuwlara çagyrýar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde döredilen Koreýanyň Maglumat elýeterlilik merkezi ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, «Kompýuter sowatlylygy we IT-tehnologiýalar» kurslarynyň başlangyç derejesi boýunça ýöriteleşdirilen enjamlaryň kömegi bilen okatmak üçin mümkinçiligi çäkli çagalary hem-de pensiýa ýaşyndaky raýatlary kompýuter sowatlylygy boýunça tölegsiz okuwlara çagyrýar.

Okuwlaryň ýokary derejede geçirilmegi we çagalar tarapyndan doly özleşdirilmegi üçin Maglumat elýeterlilik merkezi zerur çäreleri görýär. Maglumat elýeterlilik merkezi agzalan kursuň aýratynlygyna laýyklykda, ýagny mümkinçiligi çäkli adamlar üçin eşitmek, görüşi gowşak bolan taraplar üçin bolsa ýörite enjamlar -- klawiaturalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen. Maglumat elýeterlilik merkezindäki okuw sapaklary bu enjamlary doly ulanmak arkaly geçilýär.

- Okuwyň derejesi. Häzirki wagtda 56 döwletiň içinde 60-dan gowrak Koreýanyň Milli maglumat jemgyýeti agentliginiň esaslandyran Maglumat elýeterlilik merkezleri bar.

- Bilimiň hili. Merkezde okatmagyň öňdebaryjy usulyýetlerinden peýdalanylmagy öwrenilýän ugurlary gowy özleşdirmäge hem-de okuwdan lezzet almaga kömek edýär.

Bilim merkezinde sapaklar ýokary hünär derejeli hünärmenler – halkara attestasiýasyny we sertifikasiýasyny geçmek bilen döwrebap okuw usullaryny ulanýan mugallymlar tarapyndan geçilýär. Doly okuw maksatnamasy tamamlananyndan soň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan okuwçylara degişli şahadatnamalar gowşurylýar.

Habarlaşmak üçin: (+99312) 361925/26; (+99365) 503184

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş. Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý.

Iň täze habarlar

Aşgabatdaky Fransuz institutynda fransuz dili boýunça olimpiada geçirilýär

9-njy martda Aşgabatdaky Fransuz instituty fransuz dili boýunça olimpiadanyň birinji tapgyrynyň geçirilýändigini yglan edýär.
SalamNews

Türkmen alymlary Hindistanda uly ylmy-derňew işini geçirdiler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Hindistanda uly ylmy-derňew işini geçirdiler. 
SalamNews

Sebitleýin fokus-topar Merkezi Aziýa üçin ylym-bilim we hünär kämilleşdirmegi ugrunda täze mümkinçilikleri açýar

22-nji fewralda Ýewropanyň bilim gaznasynyň goldawy bilen DARYA taslamasynyň çäklerinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleriň fokus-toparlaýyn onlaýn sessiýasy geçirildi.
SalamNews