
Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýänlerden arzalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Habara görä, Belarus Respublikasynyň Bilim ministrligi 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyklar üçin Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde resminamalary kabul etmegiň möhletini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltmaga rugsat berdi.
Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak barada giňişleýin maglumat bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.