Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly dabaraly çäre geçirildi. Onuň çäklerinde institutyň talyplary daşary ýurt halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisini guradylar.

Talyplaryň toý saçagyny Merkezi Aziýa halklary bilen bir hatarda, rus, türk, ispan, nemes, fransuz, amerikan, hytaý, koreý, iňlis, ýapon, hindi halklarynyň milli tagamlary we süýjülikleri bezedi. Naz-nygmatlar bilen bir hatarda, dünýä halklarynyň milli egin-eşikleri, gap-gaçlary sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Dabaraly çäräniň dowamynda institutyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde daşary ýurt dillerinde aýdymlar ýaňlandy.