
Oksford sözlügi 2022-nji ýylyň adalgasyny saýlady. Ýylyň adalgasy hökmünde «Goblin mode» saýlandy. Bu adalga 318 müň 956 ses alypdyr — diýip, ntv.com.tr habar berýär.
Ikinji söz «Metaverse», üçünjisi «I Stand With» (Men ýanynda) adalgasy saýlandy. Adalganyň ulanylyşynyň köp ýurtda ýylyň birinji ýarymynda artandygy bellenýär. «Goblin mode» adalgasy ilkinji gezek 2009-njy ýylda «Twitter-de» peýda bolupdyr.
Oksford sözlügi «vax» adalgasyny 2021-nji ýylyň adalgasy hökmünde saýlapdy.