Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň nobatdaky halkara nebit-gaz forumynyň çäklerinde nähili çäreler geçiriler?!

SalamNews
Ykdysadyýet / Ýangyç-energetika
Türkmenistanyň nobatdaky halkara nebit-gaz forumynyň çäklerinde nähili çäreler geçiriler?!

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraýan halkara forumyna dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, degişli ugurda iş alyp barýan milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçy düzümleriniň, resmi wekilleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanlysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen iri halkara nebitgaz forumynda ýurdumyzyň bu ugurda ýeten üstünlikleri, hyzmatdaşlyk ugurlary, täze tehnologik çözgütler, nebitgaz ulgamyny durnukly ösdürmegiň täzeçil usullary we ony daşary ýurtlara ibermegiň diwersifikasiýa ugurlary, maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan baý nebit we gaz serişdelerine eýe bolup, gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýär. Türkmen tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana eksport edilýär. Ýurdumyzda öndürilen suwuklandyrylan tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilişi hem yzygiderli ýokarlanýar.

Diýarymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk gazhimiýa önümçilik toplumlary guruldy. Şu mümkinçilikler we ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga açyklygy bu halkara forumy nebitgaz ulgamynyň işini ilerledýän gepleşikleri geçirmek, bu ugurdaky täzelikleri öwrenmek, geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp giňişlige öwürýär.

Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyna bagyşlanan halkara forumyň çäklerinde plenar mejlisden daşary, ýörite temalara bagyşlanan mejlisleriň 5-si geçiriler. Ilki bilen, foruma gatnaşyjylar ýörite guralan sergi zalyna aýlanyp görerler. Halkara maslahatyň açylyş — plenar mejlisi energiýa ulgamynyň geljegine, bu ugurdaky mümkinçiliklere we gözýetimlere bagyşlanar. Halkara nebitgaz maslahatynyň birinji mejlisi Hazar deňziniň türkmen böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar.

Halkara maslahatyň ikinji gününde — 27-nji oktýabrda nebitgaz ulgamyna degişli mejlisleriň üçüsi geçiriler. Türkmenistanyň gury ýer çäginde energetika pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri aýratyn mejlisde dowam etdiriler. Täze eýýamyň energetikasy, bu ugurdaky ýurt we sebit mümkinçilikleri, şeýle hem uglewodorod ýataklaryny işlemegiň ekologiýa ugurlary halkara maslahatyň ikinji gününde ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň jemleýji gününde nebitgaz ulgamynyň ylym-bilim mümkinçiliklerine bagyşlanan ýörite mejlis geçiriler. Onuň barşynda nebitgaz ulgamyndaky innowasion tehnologiýalar we nou-haular çykyşlaryň esasyny düzer. Halkara maslahatyň çäginde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň, energetika ulgamyna degişli halkara guramalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçy düzümleriniň çykyşlaryna giň orun berler.

Forumyň barşynda halkara guramalaryň, gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri hem geçiriler. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahatyň hem-de serginiň çäginde sylaglary gowşuryş dabarasy guralar.

Halkara foruma gatnaşýan myhmanlar üçin medeni çäreleriň birnäçesi göz öňünde tutulandyr.

Iň täze habarlar