
Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň Jemgyýetçilik howpsuzlygy departamentiniň direktory Mawlawi Hamas Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan taslamasynyň owgan halky üçin örän wajypdygyny, onuň howpsuzlygy üçin ähli mümkin bolan çäreleriň görüljekdigini mälim etdi. Bu barada «Interfax» habarlar agentligi mälim edýär.
Owganystanyň hökümetiniň mälim etmegine görä, owgan tarapy zerur bolan ýagdaýynda taslamanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýörite güýçleriň döredilmegine taýýardyr. Ýurtda döredilen doly howpsuzlyk ýagdaýlary häzirki wagtda taslamany durmuşa geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Sebit döwletleriniň ykdysadyýeti üçin bähbitli bolan taslamany durmuşa geçirmek başlangyçlary geçen asyryň ahyrlaryndan bäri öňe sürlüp gelinýär. 4 ýurduň çäginden geçjek bu gazgeçiriji taslama Türkmenistanyň iň iri «Galkynyş» gaz käninden ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy Owganystanyň Gerat we Kandagar, Pakistanyň Kwetta we Multan sebitleriniň üsti bilen Hindistanyň günbataryndaky Fazilka şäherine turbageçirijiler arkaly ibermek göz öňünde tutulýar. Jemi uzynlygy 1814 kilometre barabar boljak bu taslamanyň 207 kilometri Türkmenistanyň, 774 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri hem Pakistanyň çäginden geçer.