Şu gün
Aşgabat
23 °C
Ertir
Aşgabat
23 °C
Birigün
Aşgabat
23 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
23 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýadaky ýeke-täk desga

SalamNews
Ykdysadyýet / Ýangyç-energetika

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen birnäçe desgalardan daşary, sebitde we dünýäde deňi-taýy bolmadyk senagat kärhanalary hem hereket edýär. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzda we oňa golaý çäkde ýerleşen Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasyny, şu ýylyň iýun aýynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk bolan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini görkezmek bolar.

Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýadaky ýeke-täk desga

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän bu merkez ýurdumyzyň energetika senagatynda giňden ulanylýan gaz turbinalaryny abatlamaga, tehniki hyzmat etmäge ýöriteleşendir. Ýurdumyzda energetika senagatyny ösdürmäge düýpli maýa goýumlary özleşdirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary gurlup ulanmaga berildi. Ýurdumyzda bitewi elektrik ulgamynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrligine degişli elektrik stansiýalarda «General Electric» amerikan kompaniýasynyň önümi bolan gaz turbinalaryň 30-dan gowragy ulanylýar. Mundan ozal, bu gaz turbinalara tehniki hyzmatlar kompaniýanyň özi tarapyndan ýerine ýetirilýärdi. Büzmeýindäki Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezinde ornaşdyrylan iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda «General Electric» kompaniýasynyň gaz turbinalary abatlanar hem-de olara hyzmat ediler. Yzygiderli gözegçilikden geçirilip, abatlanýan elektrik enjamlar bökdençsiz işi, energiýa serişdesiniň aýawly sarp edilmegini hem-de ekologiýa taýdan arassa iş gurşawyny üpjün edýär.

Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýadaky ýeke-täk desga

«Calik Enerji» türk kompaniýasy tarapyndan gurlan merkeziň 30 müň inedördül metr töweregi çäginde edara ediş, okuw we beýleki hyzmat bölümleri hereket edýär. Merkez 123 adamy iş bilen üpjün edýär. Bu ýerde işlejek hünärmenler «General Electric» kompaniýasynyň daşary ýurtlardaky okuw we hyzmat merkezlerinde hünär kämilligi boýunça ýörite okuwlary geçdiler. 4 müň inedördül metr çäkde ýerleşýän önümçilik sehinde gaz turbinalaryň zaýalanan islendik bölegini abatlamaga mümkinçilik bar. Bu ýerde gaz turbinalarynyň islendik kemçiligini anyklamak we bejermek üçin ýörite enjamlaryň 55-den gowragy ulanylýar. Olaryň kömegi bilen gaz turbinalarynda dörän we döräp biljek näsazlyklary öňünden anyklamaga we bejermäge ähli mümkinçilikler bar. Mysal hökmünde alanymyzda, bu ýerdäki ululygy 4 millimetr bolan wideokameranyň kömegi bilen gaz turbinadaky görüp bolmaýan ýerleri aňsatlyk bilen barlagdan geçirip bolýar. Bu ýerde gaz turbinalardan daşary, elektrik energiýasyny güýçlendiriji transformatorlary abatlamak mümkinçilikleri döredilendir.

Umuman, Büzmeýindäki Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi özüniň döwrebap tehnologik enjamlaşdyrylyşy we ýerine ýetirýän wezipesi babatda Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk merkezdir. Bu, öz gezeginde, diňe biziň ýurdumyzyň däl, eýsem goňşy ýurtlarda ulanylýan gaz turbinalaryny uzak ýere äkitmezden, gysga wagtyň içinde barlagdan geçirmäge we islendik näsazlygy abatlap, önümçilikde gaýtadan ulanmaga mümkinçilikleri döredýär.

Iň täze habarlar

«Danfoss» Merkezi Aziýadaky müşderilerine has ýakynlaşýar

Dünýäde öňdebaryjy tehnologiýalar kompaniýasy bolan «Danfoss» Merkezi Aziýa döwletleri (Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan we Ermenistan) boýunça amallaryny Gazagystandaky sebit merkezinde dowam edýändigini mälim edýär.
SalamNews

«Belawia» Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

Belarus Respublikasynyň «Belawia» awiakompaniýasy Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär.
SalamNews

Türkmenistanyň nobatdaky halkara nebit-gaz forumynyň çäklerinde nähili çäreler geçiriler?!

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler.
SalamNews