Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Türkmenistan» awiakompaniýasy täze petek satuw şahamçasyny açdy

SalamNews
Ykdysadyýet / Ulag-kommunikasiýa
«Türkmenistan» awiakompaniýasy täze petek satuw şahamçasyny açdy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň howa gatnawlarynyň petekleriniň resmi satuw şahamçasy açyldy. Bu barada m.business-gazeta.ru saýty habar berýär.

Indi ýolagçylar Türkmenistana petekleri Kazan şäheriniň Dekabristow köçesiniň 85b jaýynda ýerleşýän «Relita» işewürlik merkeziniň 210-njy ofisinden satyn alyp bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 8-843-500-55-31.

— «Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrýar. Häzirki wagtda Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlar guralýar.

Işewür syýahatçylyk agentligimiz Russiýa Federasiýasynyň çägindäki «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň dört sany aýratyn wekiliniň biridir. Ýolagçylar üçin amatly bolar ýaly, Kazanda howa gatnawlarynyň petekleriniň resmi satuw şahamçasyny açdyk — diýip, «TagraS-Business Travel» işewür syýahatçylyk agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Ilýas Badretdinow aýdýar.

Iň täze habarlar

Söwda geleşikleriniň 16-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
SalamNews

Türkmenistan ADIPEC — 2023 halkara sergisine gatnaşýar

2 — 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «ADIPEC 2023» sergisi geçiriler.
SalamNews