
Şu gün — 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň binasynda türkmen we ýapon wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen duşuşyga «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem-de «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň prezidenti Naoki Nakamuranyň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti gatnaşdy.
Hususan-da duşuşygyň çäklerinde, 2023-nji ýylyň 2-nji iýulynda Arkadag şäherinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda alnyp barylýan işler we öňde goýulan maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar, aragatnaşyk pudagynda özara bähbitli hyzmatlary ýola goýmak, sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler, telekommunikasiýa ulagmyny özgertmäge gönükdirilen wezipeler, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek, bu ugurda tejribe alyşmak ýaly meseleler boýunça gürrüň etdiler.
Gepleşikleriň dowamynda «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti» kompaniýasynyň wekilleri, türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, aragatnaşyk pudagy boýunça yzygiderli gatnaşyklary gejekde dowam etmek zerurlygyny bellediler.