Sazlamalar

Diller

TM

«Türkhowaýollary» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasy täze jaýa göçdi

SalamNews
Ykdysadyýet / Ulag-kommunikasiýa
«Türkhowaýollary» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasy täze jaýa göçdi

«Türkhowaýollary» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasy täze jaýa göçdi. Awiakompaniýanyň täze şahamçasy indi paýtagtymyzyň G.Kuliýew köçesiniň 39-njy jaýynda («Ussat» binasy) ýerleşýär.

Mundan ozal, awiakompaniýanyň şahamçasy öz hyzmatlaryny «Berkarar» işewürlik merkezinde hödürleýärdi. Awiakompaniýanyň ýurdumyza we bu ýerden Türkiýä amala aşyrýan uçuşlaryna petekleri onlaýn we kassalarda satyn almak mümkin.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar aýyndan awiakompaniýa Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny artdyrýar. Awiakompaniýa Türkmenistana hepdede 6 gün uçuşlary ýerine ýetirer. Stambul — Aşgabat ugry boýunça uçuşlar hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri, Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça sişenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler.

Iň täze habarlar