Sazlamalar

Diller

TM

Azerbaýjanyň täze abatlanan iri gämisi Türkmenistandan nebit daşamak üçin ulanylar

SalamNews
Ykdysadyýet / Ulag-kommunikasiýa
report.az
Azerbaýjanyň täze abatlanan iri gämisi Türkmenistandan nebit daşamak üçin ulanylar

«Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiligi» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň başlygy Mehman Mehdiýew «Zyh» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda «Gahryman Halilbeýli» gämisini abatlamak işleriniň üstünlikli jemlenendigini habar berdi.

Bu gäminiň Türkmenistandan nebit daşamakda ulanyljakdygy habar berilýär. Gämi ilkinji gatnawyny amala aşyrmak üçin ýakyn wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna tarap ýola düşer.

«Bejeriş wagtynda gäminiö suwasty we suwüsti bölekleri arassalandy we boýaldy, şeýle hem hereketlendiriji bölegindäki — esasy dwigatelindäki, gazan toplumlaryndaky we kömekçi hereketlendirijilerindäki mehanizmler çalşyldy. Mundan başga-da, kebşirlemek we elektrik ulgamyny gurnamak işleri geçirildi hem-de ekipaž kabinalary abatlandy. Onda has ösen häzirki zaman aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamlary oturdyldy» — diýlip, habarda beýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, azerbaýjan we türkmen gämileri Gruziýa we Gara deňiz sebitiniň beýleki ýurtlaryna eksport etmek üçin Türkmenistandan nebit daşaýarlar.

Iň täze habarlar