Şu gün
Aşgabat
-2 °C
Ertir
Aşgabat
-2 °C
Birigün
Aşgabat
-2 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
-2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär

SalamNews
Ykdysadyýet / Ulag-kommunikasiýa
Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň wekilleri, bu dostlukly ýurduň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigi, Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleriniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellendi.

Saparyň çäklerinde amala aşyrylan duşuşyklaryň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ulag logistikasynyň ösdürilmeginiň häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat — Tokio, Tokio — Aşgabat ugry boýunça howa ýollary arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döredilen ulag-logistika mümkinçilikleriniň Ýaponiýanyň öz önümlerini Türkmenistanyň üsti bilen, ýagny Hazar deňzinden Gara deňzine, soňra Ýewropa çykarmaga oňaýly ýagdaýy döredip biljekdigini belledi. Munuň özi iki tarap üçin hem bähbitli bolar.

Iň täze habarlar

Noýabrda Türkmenistanda 27800-den gowrak bank karty resmileşdirildi

Türkmenistanyň banklary tarapyndan geçen aýda 27835 sany bank karty resmileşdirildi.
SalamNews

Aşgabatdaky 38 edara-kärhana ilata 3420-den gowrak boş iş orunlaryny hödürledi

Şu gün — 6-njy dekabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirildi.
SalamNews

Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka gümrükçileri özara tejribe alyşdylar

27-nji noýabr — 1-nji dekabr aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamanyň çäklerinde port gözegçilik toparlary üçin bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi.
SalamNews