Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabadyň Halkara howa menziline täze ýük uçary gelip gowuşdy

SalamNews
Ykdysadyýet / Ulag-kommunikasiýa

17-nji martda Aşgabadyň Halkara howa menziline «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli ýük uçary gelip gowuşdy.

Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli iki sany ýük uçaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda gelip gowşan ilkinji uçardyr. Ol Merkezi Aziýada ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidir.

Kuwwatly ýük uçary halkymyzyň milli däp-dessurlaryna laýyklykda garşylanyp, oňa ak un sepildi hem-de päk niýetler bilen, ýagşy dilegler edilip, alaja dakyldy.

Uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowraga barabar bolup, 60 tonna çenli ýük daşamaga niýetlenen bu ýük göteriji täze howa gämisiniň satyn alynmagy yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädimdir. Şunuň ýaly ýük göteriji döwrebap howa gämisiniň ikinjisi bolsa ýurdumyza ýakyn wagtda getiriler.

Iň täze habarlar