Sazlamalar

Diller

TM

«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar

SalamNews
Ykdysadyýet / Ulag-kommunikasiýa
«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi döwrüň ösen talabyna laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar. Bu barada kärhananyň resmi web-saýty habar berýär.

Kärhana ilata ýolagçy we ýük gatnaw hyzmatlaryny hödürläp, müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýar. Onuň esasy wezipesi ýolagçy gatnatmakdan we ýükleri daşamakdan ybarat bolup, hyzmatlary gije-gündiziň dowamynda hereket edýär.

«Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň ulaglar düzümi yzygiderli kämilleşdirilip, üsti ýetirilip durulýar. Häzirki wagtda ýolagçy gatnatmaga niýetlenen awtobuslaryň «Volkswagen», «Hyundai New Super Aero City», «Iran-Hodro O457», «Paz-32054» kysymlary, ýük awtoulaglarynyň «Kamaz-6520», «Kamaz-65115», «Kamaz-65117», «Mersedes Benz 1843», «Ural 63685», «Zil-MMZ», «Zil-130-80» kysymlary doly güýjünde hereket edýär.

«Ahalawtoulag» önümçilik birleşigi Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna, myhmanlaryna welaýatyň şäher içidir etrap aralygy ugurlar boýunça gatnatmak üçin döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň hyzmatdadygyny ýatladýar. Şeýle-de ýük awtoulaglarynyň raýatlaryň sargytlary esasynda dürli görnüşdäki we göwrümdäki ýükleri daşamaga gije-gündiziň dowamynda taýýardygyny mälim edýär.

Mundan başga-da, ulaglaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga isleg bildirýän raýatlara, müşderilere kärhananyň Awtoulaglary ulanyş bölümine ýüz tutup, özlerine gerekli ulagy islendik wagt sargyt edip bilýändiklerini ýatladýar. Sargyt üçin tölegler ýüküň möçberine, adam sanyna we barmaly menziliniň uzaklygyna görä, ýörite hasaplamalaryň esasynda nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Kärhananyň salgysy: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň A.Annanyýazow köçesiniň 48-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin: (+993 132) 4-09-06;

Faks: (+993 132) 4-09-06.

Iň täze habarlar

Tatarystan Respublikasy 1,24 million dollarlyk azyk önümlerini Türkmenistana eksport etdi

27-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk önümçiligi ministrliginde Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew bilen gepleşikler geçirildi.
SalamNews

Ýolagçy otlularyna elektron biletleri onlaýn resmileşdirmegiň tertibi tassyklandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda çykaran buýrugy esasynda Ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly (onlaýn) resmileşdirmegiň Tertibi tassyklandy.
SalamNews

Türkmenistan üçin Astrahanda 1 million tonnalyk ýük dolanyşykly konteýner terminaly gurlar

Hazar deňziniň rus kenarynda — Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň çäginde ýyllyk kuwwaty 1 million tonna barabar bolan konteýner terminaly gurlar.
SalamNews