Şu gün
Aşgabat
32.2 °C
Ertir
Aşgabat
32.9 °C
Birigün
Aşgabat
32.3 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
32.2 °C

Sazlamalar

Diller

TM

20-nji maýdan Türkmenistanda awtobus gatnawlary bölekleýin açylýar

SalamNews
Ykdysadyýet / Ulag-kommunikasiýa
20-nji maýdan Türkmenistanda awtobus gatnawlary bölekleýin açylýar

20-nji maýdan Türkmenistanda awtobus gatnawlary bölekleýin açylýar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat — Türkmenbaşy we Türkmenbaşy — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar dikeldilýär. Awtobuslarda sişenbe, penşenbe we şenbe günleri Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine, duşenbe, çarşenbe we anna günleri bolsa yzyna — Aşgabat şäherine gatnawlar amala aşyrylar.

Ýolagçylar petek satyn almazdan ozal, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-a barlagdan geçip, otrisatel netijäni alandygyny tassyklaýan şahadatnamany, koronawirusa garşy üç waksinany hem alandygy baradaky resminamany, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan syýahat üçin berlen rugsatnamany almalydyrlar.

Iň täze habarlar

Büzmeýin etrabynda 480 maşgala üçin täze jaýlar açyldy

Şu gün — 27-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda her biri 32 öýden ybarat bolan 4 gatly 15 sany ýaşaýyş jaýy dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Etrabyň Senagat köçesiniň ugrunda açylyp ulanmaga berlen ýaşaýyş jaý toplumy jemi 480 maşgalanyň ähli amatlyklary üpjün edilen jaýlara göçüp barmagyna şert döretdi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahalyň täze merkezine saparynda birnäçe gurluşyk taslamalaryna garaldy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanan taslamalar bilen tanşyldy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahaty geçirildi.
SalamNews

Türkmen biržasynda bahasy 24,5 million dollara golaý 25 geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 442 müň dollaryndan gowrak boldy.
SalamNews