Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen telekeçileriniň sergisi tamamlandy

SalamNews
Ykdysadyýet / Telekeçilik

Şu gün — 23-nji martda türkmen işewürleriniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe günläp dowam eden sergisi öz işini tamamlady. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergä telekeçileriň 200-den gowragy gatnaşdy.

Bir hepdeläp dowam eden sergi ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşmaga hem-de işewürlik geleşiklerini baglaşmaga amatly giňişligi döretdi. Nobatdaky gözden geçiriş ýurdumyzyň telekeçileriniň ykdysadyýetde, senagatda, gurluşykda, azyk önümçiliginde, oba hojalygynda we hyzmat ulgamynda uly sepgitlere ýetendigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Telekeçileriň sergisinde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, eksport ugurly önümler bilen birlikde, iň täze önümler hem hödürlendi. Sergä «Salam» hojalyk jemgyýeti hem özüniň hödürleýän IT hyzmatlary bilen gatnaşdy.

Sergi bilen birlikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli ýörite maslahat hem geçirildi. Serginiň jemleýji gününde oňa gatnaşan ýurdumyzyň telekeçilerine diplomlar gowşuryldy.

Türkmen telekeçileriniň sergisi tamamlandy

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews