Sazlamalar

Diller

TM

Nýu-Delide «World Food India 2023» halkara sergisi we maslahaty geçiriler

SalamNews
Ykdysadyýet / Telekeçilik
Nýu-Delide «World Food India 2023» halkara sergisi we maslahaty geçiriler

3 — 5-nji noýabrda Nýu-Delide (Hindistan) «World Food India 2023» atly azyk senagatyna bagyşlanan halkara sergisi we maslahaty geçiriler diýip, Türkmenistan Söwda-senagat edarasy habar berdi.

Sergi Hindistan Respublikasynyň Azyk senagaty ministrligi, Hindi Söwda-senagat edaralary federasiýasy bilen bilelikde guralýar.

Bu halkara çäre 2017-nji ýyldan bäri geçirilýär. Onuň esasy maksady daşary ýurtly myhmanlary Hindistanda öndürilýän önümleriň we gaýtadan işleýän enjamlaryň görnüşleri bilen tanyşdyrmakdan we ýurduň senagat pudagyna maýa goýujylaryň, öndürijileriň, şeýle hem azyk önümleri gaýtadan işleýänleriň ünsüni çekmekden ybarat.

Serginiň çäginde «B2B», «B2G» we pudagara hyzmatdaşlyk derejesinde «B2B» duşuşyklaryny we beýleki çäreler geçirmek meýilleşdirilýär.

Çärä gatnaşmak isleýän telekeçiler aşakdaky belgä jaň edip bilerler:

+993 12 39-88-81

Iň täze habarlar