Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Telekeçiler oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depginini 167,9 göterime ýetirdiler

SalamNews
Ykdysadyýet / Telekeçilik
Telekeçiler oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depginini 167,9 göterime ýetirdiler

Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 167,9 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. turkmenmetbugat.gov.tm internet saýtynda bellenişi ýaly, bu maglumatlar içerki sarp edijileriň oba hojalyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda hususy ulgamyň mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär.

Telekeçiler oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depginini 167,9 göterime ýetirdiler

Importyň ornuny tutýan önümleri öndürmekde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda hususy işewürleriň paýy uludyr. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy. 2022-nji ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 81,5 göterimi ilatyň durmuş maksatlaryna gönükdirildi.

Telekeçiler oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depginini 167,9 göterime ýetirdiler

Iň täze habarlar

Söwda geleşikleriniň 16-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
SalamNews

Türkmenistan ADIPEC — 2023 halkara sergisine gatnaşýar

2 — 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «ADIPEC 2023» sergisi geçiriler.
SalamNews