Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup GlobalG.A.P halkara güwänamasyna eýe boldy

SalamNews
Ykdysadyýet / Telekeçilik

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup GlobalG.A.P halkara güwänamasyna eýe boldy. Bu halkara güwänama öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hil, ekologiýa we howpsuzlyk babatda halkara standartlara laýyk gelýändigini kepillendirýär.

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda iň iri ýyladyşhana pomidorlaryny ösdürip ýetişdirýän kärhana bolup, onuň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän 34 gektar ýyladyşhanasynda 600-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Hojalyk jemgyýetiniň önümleri «Mahmal Agroproduct» haryt nyşany bilen içerki we daşarky bazarlarda giňden tanalýar.

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup GlobalG.A.P halkara güwänamasyna eýe boldy

GlobalG.A.P halkara güwänamasy berk audit barlaglaryndan üstünlikli geçen oba hojalyk önümlerini öndüriji kompaniýalara berilýär. Bu babatda «Control Union Certifications» guramasy «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik işini — oba hojalyk ekinleri üçin tohumlaryň saýlanyşyndan taýýar önümleriň ýörite gaplanyşyna çenli her bir önümçilik ädimini barlagdan geçirdi. Şeýle hem gurama hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň hil barlagyny, sarp edijilere ýetirilişini, önümçiligiň daşky gurşaw we ekologiýa howpsuzlygyny düýpli barlady we olara ýokary baha berdi.

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti önümçilik prosesini halkara ülňülere we talaplara laýyklykda guraýan kompaniýadyr. Oba hojalyk ekinlerine ideg edilende ýa-da olar zyýankeşlerdir kesellerden goralanda halkara derejede ykrar edilen dökünler we zyýankeşlerden goraýjy serişdeler peýdalanylýar.

Hojalyk jemgyýetiniň önümhanalarynda arassaçylyk düzgünlerine pugta gözegçilik edilýär. Işgärler, işe başlamazdan ozal, lukmançylyk barlagyndan geçýärler we ýörite iş eşiklerini geýýärler. Ekinlere ideg işleri edilende iş ellikleriniň geýilmeginiň hökmany şert bolmagy işgärleriň we ösdürilýän ekinleriň howpsuzlygyna, arassaçylygyna uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup GlobalG.A.P halkara güwänamasyna eýe boldy

Taýýar önümleriň ulaglar arkaly daşalyşyna we saklanyşyna hem berk gözegçilik edilýär. Bu işlerde önümiň saklanýan ýa-da daşalýan giňişliginiň kadaly temperaturasynyň we çyglylygynyň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Umuman alanyňda, GlobalG.A.P güwänamasyna eýe bolmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Munuň üçin önümçilik kompaniýasy halkara derejede kabul edilen 40-dan gowrak standart barlaglaryndan geçmeli. Mundan daşary, bu halkara standart barlaglaryndan üstünlikli geçen kompaniýanyň hyzmatdaşlary hem işleri ýokary derejede guralan, birnäçe ýerli, halkara güwänamalara eýe bolan kärhanalar bolmaly. Şeýle berk talaplardan, düzgünlerden üstünlikli geçmegi we halkara güwänama eýe bolmagy «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik işiniň ýokary hil derejesinde guralandygyna şaýatlyk edýär.

Hojalyk jemgyýetiniň GlobalG.A.P güwänamasyna eýe bolmagy önümçilik işini mundan beýläk hem giňeltmäge we ösdürmäge ýardam eder. Halkara güwänamany almak üçin degişli işler USAID halkara guramasy bilen hyzmatdaşlykda we onuň Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirildi.

«Ýigit» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinji bolup GlobalG.A.P halkara güwänamasyna eýe boldy

Iň täze habarlar

Benjamin Frankliniň pentleri

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň pul birliginden ornuny tapan belli syýasatçy, alym we mugallym Benjamin Frankliniň frazalary bu gün adamlaryň köp bölegi üçin ajaýyp durmuş ýörelgesine öwrüldi.
SalamNews

«Türkmenpoçta»: PÝÝG-niň jerimelerini tölemek üçin amatly mümkinçilik

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
SalamNews

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Bangkogyň arasyndaky howa gatnawlaryny täzeden ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň habarlar bölüminden gelip gowşan habarda Türkmenistanyň paýtagty bilen ekzotik şäher bolan Bangkogyň arasyndaky yzygiderli ýolagçy howa gatnawlarynyň şu ýylyň 22-nji dekabryndan gaýtadan başlanýandygy aýdylýar.
SalamNews