TSTB-niň sergisinde «Salam» hojalyk jemgyýetiniň hyzmatlary giňişleýin tanyşdyrylýar
«Salam» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli şu gün — 17-nji martda açylan sergide hödürleýän hyzmatlary bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýar. Sergi diwarlygynda hojalyk jemgyýetiniň maglumat tehnologiýalary we programma üpjünçiligi boýunça hödürleýän döwrebap çözgütleri bilen ýakyndan tanyşmak mümkin.
Sergi diwarlygynda hojalyk jemgyýetiniň IT-hünärmenleriniň taýýarlan web-saýtlary, mobil goşundylary we beýleki sanly programma üpjünçilikleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Olaryň hatarynda geçen ýyldan ulanyşa girizilen «Salam» messenjer ykjam goşundysy hem bar. Bu messenjer arkaly ulanyjylar ikiçäk we toparlaýyn esasda habarnamalary, audio we wideo ýazgylary alşyp bilýärler. Ulanyjylar Android we IOS ulgamlarynda elýeterli bolan messenjer arkaly filmlere, wideoýazgylara tomaşa edip, aýdym-sazlary diňläp, dürli elektron eserleri okap bilerler.
Şeýle hem sergi diwarlygynda hojalyk jemgyýetiniň taýýarlan IT-çözgütleri bilen giňişleýin tanyşdyrylýar. Hojalyk jemgyýetiniň, hususan-da, logistika, önümçilik we söwda babatda birnäçe iri taslamalary aýratyn tapawutlanýar.
Bu ýerde «SalamNews» habarlar portalynyň işi hem giňişleýin şöhlelendirilýär. Geçen ýylyň mart aýynda açylandygyna garamazdan, habarlar portaly ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirýän köpçülikleýin habar beriş serişdesine öwrüldi.