Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

«Aýdyň gijeler» önümleriniň hilini ýokarlandyrýar

SalamNews
Ykdysadyýet / Telekeçilik

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi. Onuň esaslandyryjylary Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň esaslyk maýasy 49 %-e we raýat Abdurahmanow Hydyrberdi Baýrammyradowiçiň esaslyk maýasy 51 %-e deň bolup durýar.

Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti özüniň önümçiligini giňeldip, häzirki zaman elektron enjamlaryny, öý hojalyk tehnikalaryny öndürmek senagatynda ýurdumyzda öňdebaryjy kärhanalaryň birine öwrülýär. Şunuň bilen birlikde, kärhanada öndürilýän önümleriň hil babatda halkara ülňülere doly laýyk gelmegi babatda degişli işler geçirilýär.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti elektron enjamlary öndürmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip, 2017-nji ýyldan ýyllyk kuwwatlylygy 8 million 440 müň birlige deň bolan, 3 Wt-dan 96 Wt-a çenli, dürli ölçegli led lampalaryň we led asylýan potolok çyralarynyň önümçiligine başlady. Bu kärhana dünýä standartlaryna laýyk gelýän, ýokary tehnologiýaly, ýurdumyzda import önümleriniň ornuny tutýan elektron önümleriň başga-da birnäçe görnüşi bilen önümçiligini giňeltdi.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Türkmenistanda elektron enjamlarynyň öndürilýän iň uly giňişligi hökmünde tanalyp, jemi 4,7 gektar çägi tutýar. Bu çäkde ýerleşýän 7 sany önümçilik desgasynda elektrotehniki enjamlaryň 18 görnüşi öndürilýär. Olardan ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 250 000 birlige deň bolan çagalar üçin öwrediji kompýuterleriň we 1-nji synpa okuwa gidýän okuwçylar üçin netbuklaryň, planşetleriň, ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 125 000 birlige deň bolan ýol yşyklandyryjylarynyň, şeýle-de ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy 100 000 birlige deň bolan 32’, 42’, 55’, 65’ ölçegli «Tolkun», «Zemin», «Älem» brendli 4K telewizorlarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan bölümler bar.

Şeýle hem hojalyk jemgyýetine kuwwatlylygy ýylda «Şowly» haryt nyşanly monobloklaryň 100 000, «Aýtab» planşetleriniň 100 000, «Mylaýym» split sowadyjylarynyň 30 000, «Uçgun» routerleriniň 40 000, «Teşne» suw paýlaýjy dispanser ulgamynyň 20 000, «Milli» smartfon telefonlarynyň 50 000, «Körpe» jübi telefonlarynyň 1 million sanysyny öndürmäge barabar bolan kärhanalar degişlidir.

Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda elektron resminama dolanyşyk ulgamyny ornaşdyrmak maksady bilen, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti özüniň düzüm birligi bolan «Elektrotehnikanyň tehnologiýa merkezi» şahamçasyny döretdi. Bu merkez arkaly hojalyk jemgyýeti özüniň öndürýän innowasion maglumat tehnologiýalary esasynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagy maksat edinýär.

Türkmenistanda pul dolanyşygynyň nagt ulgamyny  kämilleşdirmek maksady bilen, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Russiýa Federasiýasynyň «ATM Alýans» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Koreýa Respublikasynyň «HYOSUNG TNS INC»  kompaniýasynyň önümi bolan bankomatlaryň 500 sanysyny satyn almaga işewürlik şertnamasyny baglaşdy. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde geljekde bankomatlary öndürmek meýilleşdirilýär we öňden ulanylýan nokatlarda bankomatlaryň durkuny täzelemek işlerini amala aşyrmak boýunça iş meýilnamalary taýýarlanýar.

Şeýle hem hojalyk jemgyýetinde önümçilik kuwwatlylygy 5 million çipe we 3 million SIM-karta barabar bolan, ýerli çig maldan, ýagny polikarbonatdan termo çydamly, suw geçirmeýän swetaforlar we ýol yşaratlary öndürilýär.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýyldan bäri, önümçiligini has-da kämilleşdirmek, hünärmenleriniň dünýä tejribelerini özleşdirmeklerini gazanmak üçin, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzdaky täze önümçilikleriň döwrebap ösdürilmegi we hünärmenleriň baý tejribe toplamaklary üçin, hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň daşary ýurtlara yzygiderli saparlary guralýar.

Biz geljekde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän dürli görnüşli tehnologik enjamlary we olaryň aýratynlyklary bilen okyjylarymyzy giňişleýin tanyşdyrarys.

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews