Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Döwlet biržasynda nah ýüplük we binýatlyk nebit satyldy

SalamNews
Ykdysadyýet / Söwda
Döwlet biržasynda nah ýüplük we binýatlyk nebit satyldy

Hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bolan söwdalarda umumy bahasy 736,4 müň dollar we 7,3 million manat bolan 11 geleşik baglaşyldy.

Türkiýäniň işewürleri Türkmengala, Sakarçäge etraplaryndaky we Daşoguz şäherindäki dokma kärhanalarynda öndürilen nah ýüplükleriň dürli görnüşleriniň 269,5 müň kilogramyny satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 736,4 müň dollara deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 7,2 million manat bolan Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan SN-180 görnüşli binýatlyk nebitiň jemi 2 müň tonnasyny satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazar üçin bahasy 45,3 müň manatdan gowrak bolan elde dokalan halylar ýerlendi.

Iň täze habarlar

Söwda geleşikleriniň 16-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
SalamNews

Türkmenistan ADIPEC — 2023 halkara sergisine gatnaşýar

2 — 5-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «ADIPEC 2023» sergisi geçiriler.
SalamNews