Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna eksporty 10 aýda 323 million ýewro ýetdi
SalamNews

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen özara söwda dolanyşygy geçen 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 816,94 million ýewro barabar boldy. Bu barada «Trend» habarlar agentligi Bileleşigiň statistika edarasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Geçen ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna eksporty 323,16 million ýewro barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 27 göterim peseldi. Degişli döwürde Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň Türkmenistana eksporty 493,78 million ýewro deň boldy.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara söwdasy 955,7 million ýewro barabar bolupdy.