Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň we Hytaýyň özara söwdasy 11 milliard 181 million dollardan geçdi

SalamNews
Ykdysadyýet / Söwda
Türkmenistanyň we Hytaýyň özara söwdasy 11 milliard 181 million dollardan geçdi

Geçen 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň özara söwda dolanyşygy 11 milliard 181 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Diňe dekabr aýynda iki döwletiň özara söwdasy 1 milliard 57 million dollara barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük administrasiýasy mälim edýär.

Özara söwdanyň agramly bölegini Türkmenistandan eksport edilen harytlar, hususan-da, turbageçirijiler arkaly iberilen tebigy gaz tutýar. Geçen ýylyň 12 aýynda Hytaýyň Türkmenistana eksporty 867 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Türkmenistanyň Hytaýa geçen ýylyň dowamyndaky eksporty bolsa, 10 milliard 313 million dollardan gowrak boldy. Diňe dekabr aýynda Türkmenistanyň bu ýurda eksportynyň pul hasabyndaky möçberi 976 million dollardan gowrak boldy.

Geçen ýylda Türkmenistanyň we Hytaýyň özara söwda dolanyşygy 2021-nji ýyldakydan 52 göterim ösdi. 2022-nji ýylda Hytaýyň Türkmenistana eksporty 69,2 göterim, Türkmenistanyň Hytaýa eksporty hem 50,7 göterim ösdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan 2022-nji ýylda umumy bahasy 10 milliard 250 million amerikan dollaryna barabar bolan tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaý Halk Respublikasyna eksport etdi.

Iň täze habarlar