Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň Türkiýä eksporty 865 million dollardan geçdi

SalamNews
Ykdysadyýet / Söwda
Türkmenistanyň Türkiýä eksporty 865 million dollardan geçdi

Geçen 2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen özara söwda dolanyşygy 1,9 milliard dollara ýetdi. Bu barada «Trend» habarlar agentligi mälim edýär.

Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň Türkiýä eksport möçberi 865,1 million dollara barabar boldy. Degişli döwürde Türkiýäniň Türkmenistana eksporty bolsa 1 milliard dollardan gowrak boldy. Degişli döwürde Türkmenistan Türkiýäniň Merkezi Aziýada 3-nji iň iri söwda hyzmatdaşy boldy. 11 aýda Türkiýe Gazagystan bilen 4,7 milliard dollarlyk, Özbegistan bilen 3,3 milliard dollarlyk haryt dolanyşygyny ýerine ýetirdi.

Geçen ýylyň 11 aýynda Türkiýäniň daşary ýurtlara eksportynyň umumy möçberi 231,2 milliard dollara, importy bolsa 331 milliard dollara barabar boldy.

Iň täze habarlar

Daşoguz welaýatynda suw we lagym desgalary gurlar

Degişli gurluşyklary durmuşa geçirmek üçin potratçylary saýlap almak üçin bäsleşik yglan edilýär.
SalamNews

«Aýdyň gijeler» önümleriniň hilini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi.
SalamNews

Türkmen telekeçileriniň sergisi tamamlandy

Bir hepdeläp dowam eden sergi ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşmaga we işewürlik geleşiklerini baglaşmaga amatly giňişligi döretdi.
SalamNews