Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 2022-nji ýylda 731 million dollardan geçdi

2022-nji ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara söwda dolanyşygy 926,3 million amerikan dollaryna barabar boldy. Geçen ýylda Türkmenistan özara söwdada Özbegistanyň iň esasy 8-nji ýurdy hem-de import edýän iň esasy 7-nji ýurdy boldy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Döwlet statistika komiteti mälim edýär.
Geçen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň goňşy döwlete eksporty 731,5 million amerikan dollaryna deň boldy. Degişli döwürde Özbegistanyň ýurdumyza eksporty hem 194,8 million dollara barabar boldy. 2022-nji ýylda iki ýurduň özara söwdasy ondan ozalky ýyldaka garanda 1,9 göterim ösdi.
Geçen ýylda Özbegistan umumy bahasy 7,1 million amerikan dollarlyk miwe önümleriniň 8 müň tonnasyny Türkmenistana eksport etdi.
Geçen ýylda Özbegistan Respublikasynyň daşary ýurtlar bilen özara söwdasy 50 milliard dollardan gowrak bolup, şonuň 19,3 milliard dollary eksporta, 30,6 milliard dollary hem import harytlaryna degişlidir.