Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň biržasy: bahasy 15 million dollara golaý 28 geleşik hasaba alyndy

SalamNews
Ykdysadyýet / Söwda
Türkmenistanyň biržasy: bahasy 15 million dollara golaý 28 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 14 million 754 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük ýerlendi. Manat serişdelerine Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 17 million 508 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 22 million 400 müň manada deň bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.

Iň täze habarlar

Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Şu gün — 24-nji martda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi. Döwletli işe welaýatlaryň il sylagly ýaşululary ak pata berdi.
SalamNews

Daşoguz welaýatynda suw we lagym desgalary gurlar

Degişli gurluşyklary durmuşa geçirmek üçin potratçylary saýlap almak üçin bäsleşik yglan edilýär.
SalamNews

«Aýdyň gijeler» önümleriniň hilini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi.
SalamNews