Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmen we rus kompaniýalary bahasy 36,5 million dollardan gowrak söwda we hyzmat şertnamalaryny baglaşdylar

SalamNews
Ykdysadyýet / Söwda

Şu gün — 20-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmen-rus işewürlik forumy öz işini tamamlady. Iki döwletiň köp sanly döwlet we hususy düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilen forum özüniň netijeliligi bilen tapawutlandy.

Forumyň ikinji gününde türkmen we rus döwlet edaralarynyň, hususy düzümleriniň arasynda onlarça özara duşuşyklar geçirildi. Işewürlik forumy dürli ugurlarda türkmen we rus kompaniýalarynyň birek-birek bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini subut etdi.

Forumyň ahyrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Söwda-senagat edarasynyň agzalary rus kompaniýalary bilen umumy bahasy 36,5 million dollardan gowrak bolan söwda we hyzmat ylalaşyklarynyň 21-sini baglaşdylar. Şonuň 28,2 million dollardan gowragy Russiýadan Türkmenistana eksport harytlaryny ibermegi, 2,3 million dollardan gowragy hem Türkmenistandan Russiýa eksport harytlaryny ibermegi göz öňünde tutýar. 6 million dollarlyk 2 sany hyzmat şertnamasy ulag-logistika pudagynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär.

Özara baglaşylan şertnamalara mysal hökmünde, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen «ATM Alýans Solutions» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamany nygtamak möhümdir. Oňa laýyklykda, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti rus kompaniýasyndan umumy bahasy 6 million dollardan gowrak bolan bankomat enjamlaryny satyn alar. Forumyň çäginde «Halk market» hojalyk jemgyýeti rus kompaniýalarynyň birnäçesi bilen azyk önümlerini ýurdumyza import etmek boýunça 18 million dollarlyk söwda şertnamasyny baglaşdy.

Özara baglaşylan şertnamalara laýyklykda, «Altyn Ýunus» hojalyk jemgyýeti 1 million dollarlyk konditer önümlerini, telekeçi Serdar Annakow hem 1 million dollarlyk dokma önümlerini eksport etmegi rus kompaniýalary bilen ylalaşdylar. Ýurdumyzyň 2 hususy logistika kompaniýasy rus tarapy bilen umumy bahasy 6 million dollarlyk hyzmat şertnamasyny baglaşdylar.

Şeýle hem türkmen we rus kompaniýalarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda 2 Ähtnama, 2 ylalaşyk baglaşyldy.

Iň täze habarlar

Daşoguz welaýatynda suw we lagym desgalary gurlar

Degişli gurluşyklary durmuşa geçirmek üçin potratçylary saýlap almak üçin bäsleşik yglan edilýär.
SalamNews

«Aýdyň gijeler» önümleriniň hilini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi.
SalamNews

Türkmen telekeçileriniň sergisi tamamlandy

Bir hepdeläp dowam eden sergi ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşmaga we işewürlik geleşiklerini baglaşmaga amatly giňişligi döretdi.
SalamNews