Sazlamalar

Diller

TM

Özara söwda 60 göterim ýokarlandy

SalamNews
Ykdysadyýet / Söwda
Özara söwda 60 göterim ýokarlandy

Hytaýyň günbatar sebitinde ýerleşýän Sinzýan Uýgur awtonom etrabynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen geçen ýyldaky özara söwdasy 60 göterim ýokarlanyp, 24,91 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada hytaý neşiri mälim edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän bu sebitiň 13 guryýer portunda gümrük resmileşdiriş işiniň gaýtadan dikeldilmegi netijesinde, sebitiň Merkezi Aziýa bilen özara söwdasy düýpli ýokarlandy.

Hytaýyň Sinzýan sebitiniň geçen ýyldaky daşary döwletler bilen umumy özara söwda dolanyşygy 10 göterim ýokarlanyp, 240 milliard hytaý ýuany ýa-da 35 milliard amerikan dollary töweregi boldy.

Iň täze habarlar