Geçen hepdede türkmen biržasynda 49,5 million dollarlyk 13 geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 49 million 582 müň dollaryndan gowrak boldy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ЕСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Owganystanly telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň telekeçilerine tüýjümek önümler ýerlendi.
Manat serişdelerine Türkmenistanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, bahasy 103 million 620 müň manatdan gowrak bolan nebit koksuny satyn aldylar.