Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Aşgabatda we Daşkentde bilelikdäki söwda öýleri açylar

SalamNews
Ykdysadyýet / Söwda
Aşgabatda we Daşkentde bilelikdäki söwda öýleri açylar

26-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki söwda öýlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Iki ýurduň çäginde söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga laýyklykda, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynda aýdyň görkeziji bolup durýandygyny nygtady.

Biziň ýurtlarymyz uly senagat kuwwatyna eýedirler. Biz entek möhüm ähmiýetli taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirmelidiris. Şol taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere Aşgabatda hem-de Daşkentde söwda öýlerini açmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Iň täze habarlar

Daşoguz welaýatynda suw we lagym desgalary gurlar

Degişli gurluşyklary durmuşa geçirmek üçin potratçylary saýlap almak üçin bäsleşik yglan edilýär.
SalamNews

«Aýdyň gijeler» önümleriniň hilini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi.
SalamNews

Türkmen telekeçileriniň sergisi tamamlandy

Bir hepdeläp dowam eden sergi ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşmaga we işewürlik geleşiklerini baglaşmaga amatly giňişligi döretdi.
SalamNews