Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

11 aýda Türkmenistanyň eksporty 46 göterim ýokarlandy

SalamNews
Ykdysadyýet / Söwda
11 aýda Türkmenistanyň eksporty 46 göterim ýokarlandy

Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda daşary ýurtlar bilen özara söwda dolanyşygy 18,3 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada ykdysady synçy Walentin Trapeznikow CentralAsia.news internet neşirine beren söhbetdeşliginde mälim edýär.

Özara söwda dolanyşygynda eksport agdyklyk edýär. Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň daşary döwletlere eksporty 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden 46,5 göterim ýokarlanyp, 11,66 milliard dollara barabar boldy. Degişli döwürde Türkmenistanyň importy hem 17,8 göterim ýokarlanyp, 6,61 milliard dollara deň boldy.

Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Owganystan, Türkiýe we Özbegistan Türkmenistandan esasy import ediji ýurtlardyr. Türkmenistana esasy eksport ediji ýurtlaryň ilkinji 5-ligine Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy we Hindistan döwletleri girýär.

Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň tebigy gaz eksporty ondan öňdäki ýylyň degişli döwründäkiden 64 göterim, nebit önümleriniň eksporty 13,2 göterim, nebit koksunyň eksporty 17,1 göterim, tebigy gazdan alynýan benziniň eksporty hem 19,7 göterim ösdi.

Iň täze habarlar

Daşoguz welaýatynda suw we lagym desgalary gurlar

Degişli gurluşyklary durmuşa geçirmek üçin potratçylary saýlap almak üçin bäsleşik yglan edilýär.
SalamNews

«Aýdyň gijeler» önümleriniň hilini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi.
SalamNews

Türkmen telekeçileriniň sergisi tamamlandy

Bir hepdeläp dowam eden sergi ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşmaga we işewürlik geleşiklerini baglaşmaga amatly giňişligi döretdi.
SalamNews