Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Ýurdumyzyň iri senagat sebiti — Balkan welaýaty

SalamNews
Ykdysadyýet / Senagat
Ýurdumyzyň iri senagat sebiti — Balkan welaýaty

Balkan welaýaty ýurdumyzyň iň iri senagat merkezleriniň biridir. Häzirki wagtda welaýat tutuş ýurdumyzyň senagat önümçiliginiň görnüşleri boýunça 23,5 göterimini özünde jemleýär. Bu sebiti senagat taýdan ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

«Türkmenistan» gazetinde mälim edilişine görä, ýurdumyz dünýä boýunça tebigy gazyň ätiýaçlyk 33 göterimine eýedir. Resmi maglumata görä, bu gorlaryň möçberi «mawy ýangyjyň» gorlarynyň 23 trillion kub metrine barabar. Diňe Hazaryň deňiz ýalpaklygynda geçirilen barlaglar bu ýerde uglewodorod çig malynyň 4,2 trillion kub metre deň gorlarynyň bardygyny görkezdi. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu sebitde eksporta gönükdirilen ugurlaryň we önümçilikleriň gerimini barha giňeldýär.

Ýurdumyzyň iri senagat sebiti — Balkan welaýaty

Türkmenistanda dürli görnüşli peýdaly gaty magdanlaryň 200-den gowragy hasaba alyndy. Şonuň aglaba böleginiň ätiýaçlyk gory Balkan welaýatynyň çäginde ýüze çykaryldy. Aýratyn hem, welaýatyň çäginde uglewodorod çig malynyň, mineral duzlaryň, gidromineral serişdeleriň, stronsiý magdanlarynyň, ýerasty läbik dag jynslarynyň, gaty kömürleriň, himiki jisimleriň we gurluşyk materiallarynyň birnäçe görnüşli uly gorlary jemlenendir.

Balkan welaýaty diňe bir uglewodorod serişdelerine, önümçilik gorlaryna baý bolmak bilen çäklenmän, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine bolan uly mümkinçiliklere-de eýedir. Gün şöhlesiniň bollugy, ýeliň tizliginden peýdalanmakda bar bolan mümkinçilikler welaýatyň hem-de tutuş ýurduň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna oňyn şert döredýär. Sebitde ýylyň 365 gününiň 230-a golaýy bulutsyz, güneşli hem maýyl howaly bolýar. Iýul aýynda güneşli howa gije-gündiziň 16 sagadyna çekýär. Welaýatda ýangyç-energetika ugurly gazturbinaly elektrik beketler bilen bilelikde awtonom ýagdaýda işleýän Gün elektrik beketlerini, ýeliň tizligi bilen işleýän beketleri gurup, işe girizmäge giň mümkinçilikler bar. Şu mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen Serdar etrabynyň çägindäki «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak we ony 2024-nji ýylyň başyna ulanmaga bermek bellendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde, Balkan welaýatynda saparynyň çäklerinde geçiren Hökümetiň göçme mejlisinde günbatar welaýatyň geografik taýdan amatly ýerleşişi, howa gurşawynyň tebigy aýratynlyklary, ummasyz magdan gorlaryna baýlygy, ýeterlik hünär taýýarlykly adam maýasyna eýedigi ýaly giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydygyny aýratyn nygtady.

Ýurdumyzyň iri senagat sebiti — Balkan welaýaty

Welaýatyň çäkleri Hazar deňziniň, takmynan, 600 kilometre uzap gidýän kenaryndan geçýär. Şeýle amatly tebigy aýratynlyklar, ykdysady şertler sebiti halkara derejede ösdürmäge oňyn mümkinçilikleri açýar. Welaýatyň umumy tutýan meýdany 139,3 müň inedördül kilometre (Türkmenistanyň umumy meýdanynyň 28,4 göterimi) deň bolup, bu görkeziji sebiti çäk ululygy boýunça ýurdumyzda birinji orna çykarýar. Welaýatyň ilaty Türkmenistanyň umumy ilatynyň 8,4 göterimini tutýar. Ilatynyň gürlügi boýunça 1 inedördül kilometre 4,2 adamdan düşýär.

Welaýatyň çäginde 6 etrap, 2 şäherdäki etrap, 10 şäher, 13 şäherçe, 33 geňeşlik, 113 oba ýerleşýär. Beýleki welaýatlardan tapawutlylykda, sebitiň ilatynyň 81,6 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Munuň özi gullukçylar synpynyň artykmaçlygyny döredýär. Işçi, kiçi hyzmat ulgamyna degişli zähmet gorlarynyň çäklidigini, şeýle-de bu ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, köp sanly senagat önümçilikleriniň, energetika, ulag-logistika desgalarynyň döredilýändigini nazara alsak, ýurdumyzda agdyklyk edýän zähmet gorlaryny beýleki sebitlerden giňden çekmäge ýol açýar. Munuň özi welaýatda ykdysady önümçilikleri ösdürmäge, durmuş ugurly üpjünçilik desgalaryny gurmaga itergi berýär.

Ýurdumyzyň iri senagat sebiti — Balkan welaýaty

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews