Şu gün
Aşgabat
20.6 °C
Ertir
Aşgabat
23.0 °C
Birigün
Aşgabat
22.0 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
20.6 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi

SalamNews
Ykdysadyýet / Senagat
Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi

Bäsleşigiň esasy maksady Türkmenistanyň milli nyşanyny taýýarlamak üçin bäsdeşlik usuly bilen iň oňat teklibi saýlamakdan ybarat. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşige täze usullaryň we çemeleşmeleriň gözlegindäki ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriniň, talyplarnyň we raýatlarynyň ählisi gatnaşyp bilerler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek we ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenişini artdyrmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşige gatnaşyjylar döredijilikli pikirlenip, Türkmenistanyň önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda giňden  tanalmagyny ýokarlandyrjak grafiki belgini (nyşan, simwol) tabşyrmalydyrlar. Her bir logotip jpeg, png, giff formatlarynda, ululygy 1000x1000px bolmalydyr.

Mundan başga-da, onuň ýanyna dünýä ýurtlarynyň maýa goýujylarynyň we sarp edijileriniň ünsüni çekiji gysga şygary goşmalydyrlar. Her kimde uly gyzyklanma döretjek bu şygary okamak aňsat bolup, onuň türkmen, rus we iňlis dillerinde terjime edilende akgynly we düşnükli bolmagy hökmandyr.

Doly maglumat üçin: Tel.: +99312 398890, 398891.

E-poçta: ccitm.int@gmail.com

Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat, Çandybil şaýoly, 143.

Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti ÝHHG-niň ykdysady we daşky gurşaw forumynyň mejlisine gatnaşdy

23-24-nji maýda Polşanyň Lodz şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
SalamNews

Guýulary abatlamak we enjamlary satyn almak hakynda Karar tassyklandy

Hökümetiň 26-njy maýda Daşoguzda geçirilen göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Guýulary düýpli abatlamak we gapdal sütüni gazmakda ulanylýan göteriji enjamlary we olara ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlendi.
SalamNews

«Türkmenhimiýa» konsernine «Uzkimyoimpeks» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

26-njy maýdaky Hökümetiň göçme mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Uzkimyoimpeks» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň arasynda degişli şertnamany baglaşmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlendi.
SalamNews