Şu gün
Aşgabat
21 °C
Ertir
Aşgabat
21 °C
Birigün
Aşgabat
21 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
21 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Gyýanlydaky polimer zawodynda 70 müň tonna golaý önüm öndürildi

SalamNews
Ykdysadyýet / Senagat

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Gyýanlydaky polimer zawodynda şu ýylyň geçen 7 aýynda polietileniň 56 müň 985 tonnasy, polipropileniň hem 12 müň 250 tonnasy öndürildi. turkmenmetbugat.gov.tm saýtynda mälim edilişine görä, 7 aýyň içinde zawodda polietileniň öndürilişi 109 göterim, polipropileniň öndürilişi hem 103,2 göterim ýerine ýetirildi.

2018-nji ýylyň oktýabrynda açylan Gyýanlydaky polimer zawodynda innowasion usullaryň kömegi bilen tebigy gaz senagat taýdan gaýtadan işlenip, polietilen we polipropilen önümleri alynýar. Zawodda ýylda 5 milliard kub metr tebigy gaz gaýtadan işlenýär. Möhüm ýeri, senagat taýdan gaýtadan işlenen ýyllyk tebigy gazyň 4,5 milliard kub metrini arassa ýangyç hökmünde ýene peýdalanyp bolýar.

Gyýanlydaky polimer zawodynda 70 müň tonna golaý önüm öndürildi

Tebigy gazdan alynýan polietilen we polipropilen çig malyndan polimer plýonkasy, emeli süýüm, termoplastlar, turbalar, tanaplar, gaplaýjy serişdeler, mebeller, awtoulaglar üçin süzgüçler we başga-da köp görnüşli önümler öndürilýär. Häzirki wagtda zawod bu gymmatly çig mal bilen içerki sarp edijileri üpjün etmek bilen birlikde, Russiýa, Hytaýa, Türkiýä we Owganystana hem eksport edýär.

Iň täze habarlar

«Belawia» Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

Belarus Respublikasynyň «Belawia» awiakompaniýasy Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär.
SalamNews

Türkmenistanyň nobatdaky halkara nebit-gaz forumynyň çäklerinde nähili çäreler geçiriler?!

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler.
SalamNews

Türkmenabadyň Halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalaryna hödürleýän tehniki hyzmatlaryny artdyrýar

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalaryna tehniki hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, görnüşlerini yzygiderli artdyrýar.
SalamNews