TSTB-niň döredilmegine — 15 ýyl: onuň agzalarynyň 200-den gowragynyň diwarlygy sergilendi
Şu gün — 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 15 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hususy türkmen kompaniýalarynyň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda sergi açyldy.
Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň geçen 15 ýylda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri giňişleýin açylyp görkezilýär. Onuň çäginde türkmen önüm öndürijileriniň we hyzmat ediş kompaniýalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gysga döwrüň içinde uly ösüşe eýe bolandyklary, import harytlarynyň ornuny tutýan baý önümçilik düzümlerini döredendikleri aýdyňlyk bilen şöhlelenýär.
Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli birleşmäniň agzalarynyň ýörite maslahaty hem guralýar.
Serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy aýdym-sazly medeni çykyşlara beslendi. Onuň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy mynasybetli Gutlag haty okaldy.
Sergide senagat, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary ýaly önümçiligiň dürli ugurlarynda iş alyp barýan türkmen kompaniýalarynyň ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmak, hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşmak mümkin.
Sergä «Salam» hojalyk jemgyýeti hem gatnaşýar. Ýörite diwarlykda hojalyk jemgyýetiniň IT ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş işinde hödürleýän hyzmatlary we taýýarlan programma üpjünçilikleri bilen ýakyndan tanyşmak bolýar.
Sergi 23-nji marta çenli dowam eder. Ondan taýýarlanan fotoreportažymyzy size ýetirýäris.