Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

SalamNews
Ykdysadyýet

Şu gün — 24-nji ýanwarda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Bu barada «Uzdaily» internet neşiri Özbegistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

Özbegistan Respublikasynyň başlyklygynda geçirilýän mejlise Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, Guramanyň Baş sekretary Husraw Noziri we beýlekiler gatnaşýarlar.

Iň täze habarlar

Tatarystan Respublikasy 1,24 million dollarlyk azyk önümlerini Türkmenistana eksport etdi

27-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Oba hojalygy we azyk önümçiligi ministrliginde Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew bilen gepleşikler geçirildi.
SalamNews

Ýolagçy otlularyna elektron biletleri onlaýn resmileşdirmegiň tertibi tassyklandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda çykaran buýrugy esasynda Ýolagçy otlularyna elektron biletleri internet ulgamy arkaly (onlaýn) resmileşdirmegiň Tertibi tassyklandy.
SalamNews

Türkmenistan üçin Astrahanda 1 million tonnalyk ýük dolanyşykly konteýner terminaly gurlar

Hazar deňziniň rus kenarynda — Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň çäginde ýyllyk kuwwaty 1 million tonna barabar bolan konteýner terminaly gurlar.
SalamNews