Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergide 80-den gowrak edara-kärhananyň diwarlyklary görkezilýär

SalamNews
Ykdysadyýet

Şu gün Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan serginiň ikinji güni dowam edýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralýan sergä ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine degişli 80-den gowrak edara-kärhana alyp barýan işleri, öňdebaryjy usullarydyr täzelikleri bilen tanyşdyrýar. Şonuň deň ýarysyna golaýy hususy düzümleriň wekilleri bolup durýar.




Sergide ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýylynda ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda, hususy ulgamyň dürli ugurlarynda, ylym-bilimde we medeni ugurlarda ýetilen sepgitler sergi meýdançasynda giňişleýin açylyp görkezilýär. Sergi bilen birlikde, onuň birinji gününde ýurdumyzyň döwlet we hususy kärhanalarynyň täze tehnologiýalary we önümleri barada mahabat-tanyşdyryş çäreleri, täze lybaslaryň görkezilişi guraldy.

Habarçymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanyp guralýan sergä gatnaşyjylaryň käbiri bilen söhbetdeş boldy.

Ogulsuraý SEÝITGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň mugallymy:

Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergide 80-den gowrak edara-kärhananyň diwarlyklary görkezilýär

— Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan sergide ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýeten üstünlikleri hem beýan edilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň sergi diwarlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ulanylýan programma üpjünçiliklerine, talyp-ýaşlaryň taýýarlan ylmy we innowasion işlerine giň orun berilýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde ulanylýan içerki bilim portalyny, çagalar baglary üçin işlenip taýýarlanýan onlaýn töleg ulgamyny görkezmek bolar.

Içerki bilim portallary diňe bir ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ulanylman, bu bilim portaly ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem giňişleýin ulanyşa girizilip başlandy. Häzirki wagtda içerki bilim portaly paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň 200-e golaý mekdebinde işe girizildi.

Talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren işleriniň hatarynda awtomatiki usulda galamda surat çekýän we hat ýazýan enjamy görkezmek bolar.

Umuman, sergi diwarlyklarynyň her birinde şular ýaly täsin, gyzykly zatlary görmek we öwrenmek bolýar.

Islam TÄŞLIÝEW,

«Agzybirlik Tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň tehniki üpjünçilik boýunça hünärmeni:

Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergide 80-den gowrak edara-kärhananyň diwarlyklary görkezilýär

— 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagynda döredilen «Agzybirlik Tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň «Fantech» kompaniýasy bilen kompýuterleriň, serwer ulgamlarynyň we maglumat-tehniki enjamlaryň dürli görnüşlerini öndürýär.

Şu ýyl kompaniýamyz Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Bilimli» noutbuk kompýuterleriniň 161 müňüsini öndürmek boýunça sargytlaryny kabul etdi. Geljekde Ahal welaýatynyň täze merkezinde gurulýan edara ediş binalarynyň ählisini bilelikdäki kärhanamyzyň kompýuter we maglumat tehnologiýalarynyň enjamlary bilen üpjün etmek babatda işleri alyp barýarys.

Ýakynda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky «Güneşli» söwda merkezinde täze dükanymyz hem açyldy.

Serginiň işinde üstünlikleri arzuw edýärin.

Sergiden taýýarlan fotoreportažymyzy şu ýerden görüp bilersiňiz.

Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergide 80-den gowrak edara-kärhananyň diwarlyklary görkezilýär

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews