5-6-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu forumyň ilkinjisi 2019-njy ýylyň awgustynda Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.
Awazada ilkinji gezek geçirilen halkara forum Hazarýaka döwletleriň Hökümet ýolbaşçylaryny, resmi adamlary, işewür toparlary bir ýere jemledi. Netijeli hyzmatdaşlyga badalga bolan ykdysady forumyň çäklerinde işewürlik duşuşyklarynyň we gepleşikleriň, hökümetara mejlisleriň, ministrler derejesindäki maslahatlaryň we beýleki ugurdaş çäreleriň köp sanlysy geçirildi. Forumyň barşynda halkara resminamalaryň 57-sine gol çekilip, olar maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, oba we suw hojalygy, sport hem-de beýleki ugurlardaky özara gatnaşyklara degişlidir.
Forumyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisi guraldy. Forum diňe bir dürli çäreleriň, gepleşikleriň, özara ylalaşyklaryň geçirilen meýdançasy bolman, söwda geleşikleriniň baglaşylan giňişligi hökmünde ýatda galdy. I Hazar ykdysady forumynyň çäginde ABŞ-nyň 380 million 179 müň 180 dollaryna barabar bolan we 43 million 96 müň 600 manatlyk söwda geleşikleriniň 256-sy baglaşyldy.
Aslynda, şeýle forumy geçirmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 5-nji sammitiniň barşynda hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň giň goldawyna eýe boldy.
Hazar ykdysady forumynyň nobatdakysy hem Hazar kenaryndan uzakda geçirilmez. Çünki Moskwa sebitine golaý ýerden gözbaş alýan Ýewraziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolan Wolga derýasy hem öz suwuny Hazar deňzine guýýar. Hazar deňzi we Wolga derýasy arkaly Hazarýaka döwletleriň Russiýa bilen işjeň hyzmatdaşlygy bar.

Moskwada geçiriljek II Hazar ykdysady forumynda nähili çäreler guralar?!
Nobatdaky ykdysady forumda «ýaşyl ykdysadyýet» we durnukly ösüş, ulag-logistika, energetika, syýahatçylyk pudaklarynda we başga-da birnäçe ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine möhüm orun berler. Forumyň birinji gününde — 5-nji oktýabrda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryna degişli «tegelek stol» maslahatlary geçiriler. Olar Hazar sebitinde ulag we logistika gatnaşyklaryna, bilelikdäki ylmy gözlegleriň we işleriň alnyp barylmagyna, energetika taslamalaryna we beýlekilere bagyşlanar. Hazar sebiti ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň söwda-senagat edaralarynyň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň «Hazar işewürligi» ady bilen mejlisi geçiriler.
II Hazar ykdysady forumynyň möhüm çäreleri 6-njy oktýabrda geçiriler. Şol gün forumyň çäginde Hazarýaka döwletleriň Hökümet ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler. Şol sanda ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylarynyň Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçiriler.
Halkara forumyň çäginde wekiliýet agzalary Moskwa şäheriniň dürli medeni künjeklerine baryp görerler, rus paýtagtynda «akylly şäher» taslamasynyň elementleri we kemala getirilişi bilen ýakyndan tanşarlar.