Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Dekabrda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi guralar

SalamNews
Ykdysadyýet
Dekabrda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi guralar

6 — 8-nji dekabrda  Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Ýeri gelende ýatlasak, bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygynda hem aýdylypdy.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu sergide hem türkiýeli önüm öndürijileriň ýokary hilli eksport harytlary, şol sanda senagat pudaklary, oba hojalygy üçin niýetlenen enjamlary, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy, elektronika önümleri, ýumşak mebelleri, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeleri, azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri we hojalyk harytlary görkeziler. Sergä gatnaşyjylar, potratçy kompaniýalaryň, ugurdaş edaralaryň we hususy telekeçiligiň wekilleri bu ýerde görkezilýän önümleriň nusgalary hem-de türkiýeli önüm öndürijileriň teklipleri bilen içgin tanşyp bilerler.

Şeýlelikde, ähli pudaklarda, esasanam gurluşyk, mebel, oba hojalygy, dokma, energiýa, azyk we gurluşyk materiallary pudaklarynda iş alyp barýan türk kompaniýalaryna möhüm mümkinçilik garaşýar. Bu nukdaýnazardan Türkmenistan sebitdäki iň möhüm bazar hasaplanylýar.

Bu gezekki ýöriteleşdirilen sergi iki doganlyk halkyň bähbidine gönükdirilen döwletara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Iň täze habarlar

Benjamin Frankliniň pentleri

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň pul birliginden ornuny tapan belli syýasatçy, alym we mugallym Benjamin Frankliniň frazalary bu gün adamlaryň köp bölegi üçin ajaýyp durmuş ýörelgesine öwrüldi.
SalamNews

«Türkmenpoçta»: PÝÝG-niň jerimelerini tölemek üçin amatly mümkinçilik

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär.
SalamNews

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Bangkogyň arasyndaky howa gatnawlaryny täzeden ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň habarlar bölüminden gelip gowşan habarda Türkmenistanyň paýtagty bilen ekzotik şäher bolan Bangkogyň arasyndaky yzygiderli ýolagçy howa gatnawlarynyň şu ýylyň 22-nji dekabryndan gaýtadan başlanýandygy aýdylýar.
SalamNews