
Şu gün — 6-njy dekabrda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirildi.
Iş hödürleniş ýarmarkasyny Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Köpetdag etrap häkimliginiň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde guradylar.
Şu gezekki iş hödürleniş çäresinde paýtagtymyzda ýerleşýän döwlet we hususy edara-kärhanalaryň 38-si özlerinde bar bolan boş iş orunlarynyň 3 müň 420-den gowragyny ilata hödürledi.
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti Büzmeýin etrap häkimliginiň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi bilen bilelikde şunuň ýaly iş hödürleniş çäresini oktýabr aýynda hem geçiripdi.
Şunuň ýaly iş hödürleniş ýarmarkasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen birlikde ilkinji gezek awgust aýynda geçirilip başlandy.