Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň 4 welaýatynda 24-nji, Daşoguzda bolsa 29-njy martda gowaça ekişine girişiler

SalamNews
Ykdysadyýet / Oba hojalygy
Türkmenistanyň 4 welaýatynda 24-nji, Daşoguzda bolsa 29-njy martda gowaça ekişine girişiler

17-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer A.Ýazmyradow döwlet Baştutanyna ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň pagtaçylarynyň durmuşynda möhüm möwsümiň — gowaça ekişiniň golaýlap gelýändigini nygtady hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda — anna güni, Daşoguz welaýatynda bolsa 29-njy martda — çarşenbe güni gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

«Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun!» diýip, döwlet Baştutany ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Iň täze habarlar

Daşoguz welaýatynda suw we lagym desgalary gurlar

Degişli gurluşyklary durmuşa geçirmek üçin potratçylary saýlap almak üçin bäsleşik yglan edilýär.
SalamNews

«Aýdyň gijeler» önümleriniň hilini ýokarlandyrýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» çykaran 14330 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi.
SalamNews

Türkmen telekeçileriniň sergisi tamamlandy

Bir hepdeläp dowam eden sergi ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşmaga we işewürlik geleşiklerini baglaşmaga amatly giňişligi döretdi.
SalamNews