Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanda bugdaý ekişine badalga berildi

SalamNews
Ykdysadyýet / Oba hojalygy
Türkmenistanda bugdaý ekişine badalga berildi

Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatynda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Şu möwsümde Türkmenistanda 690 müň gektar ýere bugdaý ekiler.

turkmenmetbugat.gov.tm web-saýtynda bellenişine görä, Ahal welaýatynyň babadaýhanlary şu ýyl 195 müň gektarda ekiş geçirmegi hem-de şol ýerden 400 müň tonna guşgursak ak bugdaýy ýetişdirmegi maksat edinýärler. Munuň üçin bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde bol hasyl berýän «Miras», «Kalym», «Alekseiç», «Batko», «Bezostaýa — 100», «Ýuka», «Bagrat», «Sähraýy», «Irişka», «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk» ýaly görnüşleriniň ýeterlik mukdardaky tohumy taýýarlandy. 

Balkan welaýatynda 50 müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan geljek ýylyň orak möwsüminde azyndan 80 müň tonna guşgursak däne hasylyny almak maksat edinilýär.

Demirgazyk welaýatyň gallaçy babadaýhanlary 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirip, 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Ekiş möwsüminde ýeňil traktorlaryň 2300-si, ekijileriň 520-den gowragy, sürüm traktorlarynyň hem 600 sanysy bökdençsiz işlediler.

Şu ýyl Jeýhun ýakasyndaky sebitde bugdaý ekmek üçin 130 müň gektar meýdan bölünip berildi. Welaýatda indiki ýylyň orak möwsüminde 310 müň tonna guşgursak bugdaý hasylynyň ýygnalmagyna garaşylýar. Şu ýyl ilkinji gezek bugdaýyň türkmen seçgiçileri tarapyndan döredilen «Berkarar», Russiýa Federasiýasyndan satyn alnan «Alekseiç» we «Bezostyý — 100» görnüşleri hem gündogar sebitde ekiler.

Murgap jülgesiniň ekerançylary şu möwsümde ak ekini 170 müň gektarda ekmegi meýilleşdirýärler. Ekiş möwsümi üçin Mary welaýatynda 39 müň tonnadan gowrak tohumlyk däne  taýýar edildi. Şu möwsümde sebitiň galla meýdanlarynyň esasy bölegine «Ýolöten-1», «Ýolöten-3», «Batko», «Bagrat» ýaly synagdan geçen bugdaý görnüşleri ekiler.

Iň täze habarlar