
Lebap welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşigine «John Deere 61175M» kysymly kuwwatly kombaýnlaryň ýene-de 50-si gelip gowuşdy. Şu ýylyň galla oragy möwsümine çenli olaryň üstüniň ýene-de 16 kombaýn bilen ýetirilmegine garaşylýar.
Täze kombaýnlar özüniň köpugurlydygy bilen tapawutlanýar. Olary däneli ekinleriň islendik görnüşiniň oragynda peýdalanmak mümkindir.
Şu günler welaýat oba hojalyk birleşiginiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda traktorlary we ekijileri geljek baharda geçiriljek gowaça ekişine taýýarlamak boýunça işler hem ýokary depginde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda satyn alnan Fransiýanyň «Monosem» kompaniýasynyň takyk gowaça ekijileri, ABŞ-nyň «Ortman-8375» kysymly, bir wagtyň özünde hem dökün berýän, hem topragy ýumşadýan enjamlary welaýatda oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerini artdyrýar.