Şu gün
Aşgabat
25 °C
Ertir
Aşgabat
25 °C
Birigün
Aşgabat
25 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
25 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Gündogar sebitde 93,5 müň tonna ýeralma öndürildi

SalamNews
Ykdysadyýet / Oba hojalygy
Gündogar sebitde 93,5 müň tonna ýeralma öndürildi

Şu ýylyň 7 aýynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda gök önümleriň 74,6 müň tonnasy, azyklyk bakja önümleriniň 49,4 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 28,4 müň tonnasy, ýeralmanyň 93,5 müň tonnasy, üzümiň hem 1,6 müň tonnasy öndürildi we ilata ýetirildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkiden ýokarydyr. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm habar berýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ýurdumyzyň gündogar sebitinde gök önümleriň öndürilişi 5,7 göterim, azyklyk bakja 3,8 göterim, ýeralma 4,2 göterim, miweler we ir-iýmişler 17,4 göterim, üzüm 6,7 göterim ýokarlandy. Öndürilen ýeralmanyň esasy bölegi, ýagny 25,3 müň we 22,8 müň tonnasy welaýatyň Halaç we Çärjew etraplarynda öndürildi.

Geçen 7 aýda welaýat boýunça etiň 79,1 müň tonnasy, süýdüň 370,3 müň tonnasy, ýumurtganyň 137,6 million sanysy öndürildi. Bazarlary maldarçylyk önümleri bilen üpjün etmek işinde Dänew, Çärjew, Halaç, Saýat, Hojambaz etraplarynyň maldarlary öňdeligi eýeleýärler.

Iň täze habarlar

«Danfoss» Merkezi Aziýadaky müşderilerine has ýakynlaşýar

Dünýäde öňdebaryjy tehnologiýalar kompaniýasy bolan «Danfoss» Merkezi Aziýa döwletleri (Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan we Ermenistan) boýunça amallaryny Gazagystandaky sebit merkezinde dowam edýändigini mälim edýär.
SalamNews

«Belawia» Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

Belarus Respublikasynyň «Belawia» awiakompaniýasy Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär.
SalamNews

Türkmenistanyň nobatdaky halkara nebit-gaz forumynyň çäklerinde nähili çäreler geçiriler?!

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler.
SalamNews