Şu gün
Aşgabat
22 °C
Ertir
Aşgabat
22 °C
Birigün
Aşgabat
22 °C
2021октябрь
DU
SI
CA
PE
AN
SE
YE
26
27
28
29
30
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
1
2
3
4
5
6
Today
Aşgabat
22 °C

Sazlamalar

Diller

TM

Gündogar sebitde 10200 gektar ýerde şaly ösdürilýär

SalamNews
Ykdysadyýet / Oba hojalygy
Gündogar sebitde 10200 gektar ýerde şaly ösdürilýär

«Ýurdumyzyň gündogar sebiti Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektar ýerde şalynyň endigan gögerişi alyndy. Häzirki wagtda ekin meýdanlaryny Jeýhunyň mele suwy bilen bol gandyrýan welaýatyň şalyçylary ekine ideg işlerini alyp barýarlar» diýip turkmenmetbugat.gov.tm habar berýär.

Welaýatyň şalyçylary ekilen şaly meýdanlaryndan hasylyň 47 müň 700 tonnasyny almagy we her gektaryň hasyllylygyny 46 sentnere ýetirmegi maksat edinýärler. Şunça hasylyň dörtden üç bölegi welaýatyň Dänew, Çärjew we Saýat etraplarynyň şalyçylarynyň paýyna düşer. Sebäbi welaýat boýunça şaly meýdanlarynyň agramly bölegi şu etraplara degişlidir. Bu etraplaryň hersinde şaly ekilen atyzlaryň meýdany 2 müň gektardan geçýär.

Häzirki wagtda şaly meýdanlary üçin niýetlenen 2040 tonna fosfor döküniniň ählisi berildi, şalyçylar 3060 tonna karbamid dökünleri bilen üpjün edildi. Şu ýyl sebitde şalynyň ýokary hasyllylyga eýe bolan «Daşoguz-2» we «Bereketli» sortlary ekildi. Şalyly ekinleriň 70 göterimine golaýyna ikinji ösüş suwy tutuldy.

Iň täze habarlar

«Belawia» Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

Belarus Respublikasynyň «Belawia» awiakompaniýasy Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça adaty howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär.
SalamNews

Türkmenistanyň nobatdaky halkara nebit-gaz forumynyň çäklerinde nähili çäreler geçiriler?!

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahaty hem-de sergisi geçiriler.
SalamNews

Türkmenabadyň Halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalaryna hödürleýän tehniki hyzmatlaryny artdyrýar

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalaryna tehniki hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, görnüşlerini yzygiderli artdyrýar.
SalamNews