Today
Aşgabat
°C

Sazlamalar

Diller

TM

Türkmenistanyň banklary ýanwar aýynda 28 müňden gowrak töleg kartlaryny resmileşdirdiler

SalamNews
Ykdysadyýet / Maliýe
Türkmenistanyň banklary ýanwar aýynda 28 müňden gowrak töleg kartlaryny resmileşdirdiler

Ýanwar aýynda Türkmenistanyň banklary tarapyndan töleg-hasaplaşyk kartlarynyň 28 müň 400-e golaýy resmileşdirilip, ulanyşa goýberildi. Häzirki wagta çenli ýurduň banklary tarapyndan töleg bank kartlarynyň 5 million 205 müňden gowragy resmileşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky mälim edýär.

1-nji fewral ýagdaýlaryna görä, Türkmenistanda iň köp töleg karty «Daýhanbank» we «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklary tarapyndan resmileşdirildi. Häzirki wagta çenli bu iki bank tarapyndan resmileşdirilen töleg kartlarynyň sany, degişlilikde, 1 million 866 müňden we 1 million 13 müňden geçýär.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň banklarynyň hödürleýän «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 944 müňden geçýär. «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany hem barha artýar. Häzirki wagta çenli bu hyzmata birikdirilen müşderileriň sany 61,5 müňden geçýär.

Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlaryna seredildi

30-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary» atly maslahat geçirildi.
SalamNews

Gurbanguly Berdimuhamedow «Mapna Group» senagat toplumy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy.
SalamNews

Umumy bahasy ABŞ-nyň 12 million 638 müň dollaryndan gowrak geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.  
SalamNews